Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Zebur 45:6
    Mukaddes Kitap
    •  6 Hudaý saňa ebedilik patyşalyk berdi*+,

      Patyşalygyň hasasy adalat hasasydyr+.

  • Zebur 72:1
    Mukaddes Kitap
    • 72 Ýa Alla, patyşa öz hökümleriňi,

      Şazada adalatyňy öwret+.

  • Işaýa 9:7
    Mukaddes Kitap
    •  7 Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz,

      Hemişe parahatçylyk bolar+.

      Ol Dawudyň tagtynda+, patyşalyk tagtynda oturar.

      Onuň hökümdarlygy berk bolar, sarsmaz+,

      Adalatly+ hem dogruçyl+ höküm sürer,

      Häzirem, gelejekde-de dowam eder.

      Muny Serkerdebaşy Ýehowa höwes* bilen eder.

  • Işaýa 11:4, 5
    Mukaddes Kitap
    •  4 Ol garyp-gasarlara adalatly kazylyk eder,

      Ýumşaklaryň aladasyny edip, ýüzgörmän käýär.

      Agzyndan çykan sözi* halklary* urar+,

      Agzyndan çykan demi* erbetleri ýok eder+.

       5 Biline adalat guşagyny,

      Wepadarlyk kemerini dakar+.

  • Ýermeýa 23:5
    Mukaddes Kitap
    • 5 Şeýle günler geler, men Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Ol ýurtda adalatly, dogruçyl we paýhasly bolup patyşalyk eder+.

  • Zekerýa 9:9
    Mukaddes Kitap
    •  9 Sion gyzy, şatlan!

      Iýerusalim gyzy, begençden ýaňa gygyr!

      Ine, patyşaň gelýär!+

      Ol dogruçyldyr, gutulyş getirýändir,

      Ol pesgöwünlidir+,

      Eşege, taýhara münüp gelýändir+.

  • Ýewreýler 1:9
    Mukaddes Kitap
    • 9 Sen adalaty söýdüň, kanunsyzlygy ýigrendiň. Şonuň üçin seniň Hudaýyň başyňa ýag guýup belledi+. Seni ýoldaşlaryňdan has köp begendirdi»+.

  • Ylham 19:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Soňra men gögüň açylandygyny gördüm. Seretsem, bir ak at+ dur. Onuň üstünde oturanyň Wepaly+ hem Dogruçyl+ diýen ady bardy. Ol adalatly höküm çykarýandyr we adalatlylyk+ bilen söweşýändir.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş