21 Şonda Ýehowa perişdesini iberip, Assiriýa patyşasynyň düşelgesindäki ähli edermen esgerleri, baştutanlary we serkerdeleri gyrdy+. Sanherip masgara bolup, ýurduna dolandy. Bir gün ol taňrysynyň buthanasyna baranda, ogullary ony gylyçdan geçirdi+.
37 Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolanyp, ýurdunda galdy+. 38 Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat ýurduna+ gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.