-
2 Patyşalar 20:4—6Mukaddes Kitap
-
-
4 Işaýa pygamber köşgüň ortaky howlusyna ýetmänkä, Ýehowa oňa şeýle diýdi+: 5 «Yzyňa dolan-da, halkymyň baştutany Hizkiýa: „Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm+, seni sagaldaryn+. Birigün* Ýehowanyň öýüne bararsyň+. 6 Ömrüňi ýene 15 ýyl uzaldaryn, seni-de, şäheri-de Assiriýa patyşasynyň elinden halas ederin+. Öz adymyň we gulum Dawudyň hatyrasyna şäheri goraryn“+ diý».
-