13 Kareýiň ogly Ýohanan bilen ýurtdaky ähli goşunbaşylar Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. 14 Olar Gedalýa: «Ammon+ patyşasy Bagalysyň seni öldürmek üçin Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendiginden habaryň barmy?»+ diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.