-
Ýermeýa 40:11, 12Mukaddes Kitap
-
-
11 Mowapda, Ammonda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ýehudylar hem Wawilon patyşasynyň Ýahuda ýurdunda galdyran adamlarynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigini eşitdiler. 12 Şeýlelikde, çar tarapa dargan ýehudylar Ýahuda ýurduna we Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. Olar örän köp şerap ýasadylar we köp ir-iýmiş ýygnadylar.
-