-
2 Taryh 36:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+.
-
-
Işaýa 65:2Mukaddes Kitap
-
-
2 Erbet ýollardan ýöreýänlere+,
Öz pikirine daýanýanlara+,
Kesir halka uzakly gün elimi uzatdym+.
-
Ýermeýa 7:24—26Mukaddes Kitap
-
-
24 Ýöne olar meni diňlemediler, maňa gulak asmadylar+, kesirlik bilen öz pikirlerine, zalym ýüreklerine görä hereket etdiler+. Olar öňe ýöremän, yza ýörediler. 25 Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden bäri+, men olaryň ýanyna her gün, yzly-yzyna pygamberlerimi ibererdim+. 26 Emma hiç kim meni diňlemedi, maňa gulak asmady+. Olar boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter boldular.
-
-
-