- 
	                        
            
            Ýermeýa 18:7—10Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        7 Eger men bir halky ýa-da patyşalygy sogrup taşlaryn, ýykyp ýok ederin+ diýsem, 8 ýöne halk erbet ýolundan dönse, men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermerin+. 9 Men bir milleti ýa patyşalygy dikelderin, berkiderin* diýsem, 10 emma olar meniň ýigrenýän işlerimi etseler, maňa gulak asmasalar, olara etjek ýagşylygymdan el çekerin“. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýermeýa 24:5, 6Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        5 «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men öz elim bilen Ýahuda halkyny watanyndan haldeýleriň ýurduna sürgün edipdim. Indi men gowy injirlere näme edilýän bolsa, olara hem şonuň ýaly ederin. 6 Men olara nazar salaryn, ýurduna gaýtaryp getirerin+. Men olary dikelderin, indi ýykmaryn; ekerin, indi köki bilen sogurmaryn+. 
 
-