- 
	                        
            
            2 Patyşalar 24:17—20Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        17 Ýehoýakynyň ýerine agasy*+ Mattanýany patyşa belläp, adyny Sadykýar+ diýip üýtgetdi. 18 Sadykýar 21 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 19 Sadykýar Ýehoýakym ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 20 Ýehowanyň muňa gahary gelip+, Iýerusalime we Ýahuda betbagtçylyk inderdi. Ahyrsoňy Hudaý olary huzuryndan kowdy. Soňra Sadykýar Wawilon patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy+. 
 
-