12 Bolelin durmuşa ýeteniňizde*, owadan jaýlar gurup, ýaşap başlanyňyzda+, 13 mal-garaňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, rysgal-döwletiňiz artanda, 14 gopbamsylyk edip+, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowany unutmaň+.
17 Ýöne içiňizden: „Ähli baýlygymy öz güýjüm, öz zähmetim bilen gazandym“+ diýseňiz, 18 ýatdan çykarmaň, baýlygy gazanmaga güýç berýän Hudaýyňyz Ýehowadyr+. Ol ata-babalaryňyz bilen baglaşan* ähtini berjaý etmek üçin, şu çaka çenli size ýagşylyk edip gelýär+.