- 
	                        
            
            Işaýa 65:2Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        2 Erbet ýollardan ýöreýänlere+, Öz pikirine daýanýanlara+, Kesir halka uzakly gün elimi uzatdym+. - 
	                        
            
            Ýermeýa 7:26Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        26 Emma hiç kim meni diňlemedi, maňa gulak asmady+. Olar boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter boldular. 
 
- 
                                        
 - 
	                        
            
            Hyzkyl 20:8Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        8 Emma olar gozgalaň turzup, maňa gulak asmak islemediler. Olar nejis butlaryny ýok etmediler. Müsüriň nejis butlaryndan ýüz döndermediler+. Şonuň üçin Müsür ýurdunda olaryň üstüne gaharymy dökjekdigimi we gazabymy soňky damjasyna çenli pürkjekdigimi ant içdim. 
 
- 
                                        
 - 
	                        
            
            Zekerýa 7:11, 12Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        11 Emma olar asla üns bermediler+, kesirlik bilen ýüzüni öwürdiler+, diňlemejek bolup gulaklaryny ýapdylar+. 12 Ýüreklerini almaz daşy* ýaly gatatdylar+. Serkerdebaşy Ýehowanyň irki pygamberlerine ruhuny inderip, olar arkaly beren kanunlaryna we sözlerine gulak asmadylar+. Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowanyň diýseň gahary geldi»+. 
 
- 
                                        
 
- 
	                        
            
            
 
-