Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 4:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen: „Parahat ýaşarsyňyz!“+ diýip, halkyňy we Iýerusalimi aldadyň+. Ine, gylyç bokurdagymyza direlip dur» diýdim.

  • Ýermeýa 5:31
    Mukaddes Kitap
    • 31 Pygamberler ýalan welilik edýär+,

      Ruhanylar agalyk edýär.

      Halkym olary goldaýar+.

      Ýöne heläkçilik gelse, siz näme edip bilersiňiz?»

  • Ýermeýa 6:13, 14
    Mukaddes Kitap
    • 13 Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine çenli haram gazanç edýärler+,

      Pygamberleri, ruhanylary hilegärlik edýärler+.

      14 Halkymyň ýarasyny* çala bejerýärler.

      Hiç hili parahatlyk bolmasa⁠-⁠da:

      „Parahatlyk, parahatlyk!“ diýýärler+.

  • Ýermeýa 23:16, 17
    Mukaddes Kitap
    • 16 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

      «Size welilik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň+.

      Olar sizi aldaýarlar*.

      Ýehowa olara görnüş* bermedi+,

      Olar özlerinden toslap tapýarlar+.

      17 Olar meni sylamaýan adamlara:

      „Ýehowa parahatlygy wada berýär“ diýip,

      Gaýta⁠-⁠gaýta jar edýärler+.

      Olar kesir ýüreklerine gulak asýan adamlara:

      „Başyňyza heläkçilik inmez“ diýýärler+.

  • Ýermeýa 27:8—10
    Mukaddes Kitap
    • 8 Ýehowa şeýle diýýär: „Eger bir millet ýa⁠-⁠da patyşalyk Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk etmese, Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynmasa, men şol milleti gylyç+, açlyk, mergi bilen jezalandyraryn we Wawilon patyşasynyň eli bilen ýok ederin“.

      9 Pygamberleriň, palçylaryň, düýş ýorýanlaryň, jadygöýleriň, porhanlaryň: „Siz Wawilon patyşasyna gulluk etmersiňiz“ diýýän sözlerine ynanmaň. 10 Sebäbi olar ýalan pygamberlik edýärler. Siz olary diňleseňiz, uzak ýurda sürgün edilersiňiz. Men sizi dargadaryn we ýok ederin.

  • Hyzkyl 13:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Olar hiç hili parahatlyk bolmasa-da, „Parahatlyk!“ diýip, halkymy ýoldan çykarýarlar+. Olar yranyp duran diwar gurup, ýüzüne hek çalýarlar“*+.

  • Mikaý 3:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar+,

      Ruhanylary tölegli sapak berýärler+,

      Pygamberleri pul üçin pal atýarlar+.

      Olar Ýehowa daýanyp:

      «Ýehowa biziň bilendir!+

      Bizden bela-beter sowa geçer»+ diýýärler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş