-
Ýermeýa 52:31—34Mukaddes Kitap
-
-
31 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň+ sürgün edileniniň 37-nji ýyly Wawilon patyşasy Ewilmerodak tagta geçdi. Ol şol ýylyň 12-nji aýynyň 25-ne Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna rehim edip, zyndandan boşatdy+. 32 Ol Ýehoýakyna ýagşylyk edip, Wawilondaky beýleki patyşalardan has köp hormat goýýardy. 33 Zyndandan çykan Ýehoýakyna täze lybas geýdirdiler. Ol ömrüniň ahyryna çenli patyşanyň saçagyndan iýip içdi. 34 Wawilon patyşasy oňa ömrüniň ahyryna çenli iýjek-içjegini ýetirip durdy.
-