- 
	                        
            
            2 Musa 34:6, 7Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        6 Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+, 7 müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýermeýa 46:27, 28Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        27 Gulum Ýakup, gorkma! Ysraýyl, heder etme!+ Men seni, nesilleriňi uzak ýurtdan, Ýesir düşen ýurduňdan halas ederin+. Ýakup dolanyp geler; ol asuda, parahat ýaşar, Ony hiç kim gorkuzmaz+. 28 Gorkma, gulum Ýakup — muny Ýehowa aýdýar. Men ýanyňda bolaryn. Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin+. Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn“». 
 
-