-
Ýewreýler 8:8—12Mukaddes Kitap
-
-
8 Sebäbi Hudaý ysraýyl halkyndan kemçilik tapyp, şeýle diýdi: «„Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günlerim geler“. Muny Ýehowa* aýdýar. 9 „Şu äht olaryň ata-babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata-babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm+ äht baglaşypdym. Olar meniň ähtimi bozdular. Şonuň üçin indi olaryň aladasyny etmerin“. Muny Ýehowa* aýdýar.
10 Şol günlerden soň men ysraýyl halky bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn+. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar+.
11 Olaryň hiç biri doganyna we ildeşine: „Ýehowany* tanaň!“ diýip öwretmez. Sebäbi olaryň ählisi, uludan-kiçisine çenli meni tanarlar. 12 Olar erbet işleri eden bolsalar-da, men rehim ederin we olaryň günälerini ýatlamaryn“»+.
-