23 Olar nejis butlary*, ýigrenji, günäli işleri* bilen haram bolmazlar+. Men biwepa halkymy ähli günälerinden arassalaryn, olary tämizlärin. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+.
26 Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn+, ol ebedilik dowam eder. Olary ýurtlaryna gaýtaryp getirerin, sanlaryny artdyraryn+. Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar.
16 Heý-de, Hudaýyň ybadathanasynda butlar bolup bilermi?+ Biz Biribaryň ybadathanasy+, sebäbi Hudaý: «Men olaryň ýanynda+, olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar»+ diýdi.