11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Nejis butlaryňyz we ýigrenji däp-dessurlaryňyz* bilen mukaddes mekanymy haram edendigiňiz üçin+, sizden ýüz öwrerin. Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+.
9 Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz. Şonda size jeza berýäniň Ýehowadygyny bilersiňiz+.