14 Ýehowa maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler meniň adymdan ýalan welilik edýärler+. Men olary ibermedim, hiç zat tabşyrmadym, olara bir sözem aýtmadym+. Olar ýalan görnüşleri* aýdýarlar, biderek pal atýarlar we ýalan zatlary toslap tapýarlar+.
15 Ýermeýa pygamber Hananýa+ şeýle diýdi: «Hananýa, ýalbarýaryn, maňa gulak as! Seni Ýehowa ibermedi. Ýöne sen halky ýalan sözleriňe ynandyrdyň+. 16 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni ýer ýüzünden ýok ederin. Sen şu ýylyň içinde ölersiň. Sebäbi halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdyň“»+.
8 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Pygamberlere we palçylara özüňizi aldatmaň+. Olaryň düýşlerini diňlemäň. 9 Sebäbi olar meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Men olary ibermedim+ — muny Ýehowa aýdýar.