21 Soňra bir perişde+ öňe çykyp, Ýehowanyň huzurynda durdy-da: „Men ony aldawa salaryn“ diýdi. Ýehowa: „Nädip?“ diýip sorady. 22 Ol bolsa: „Men gidip, onuň ähli pygamberlerine ýalan sözlederin“+ diýdi. Hudaý: „Git-de, aýdyşyň ýaly et. Sen muny başararsyň, Ahaby aldawa salyp bilersiň“ diýdi.