-
2 Patyşalar 23:31—34Mukaddes Kitap
-
-
31 Ýehogahaz+ 23 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32 Ýehogahaz ata-babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip başlady+. 33 Neho+ faraon Ýehogahazy Iýerusalimde tagtdan düşürip, Hamatyň Ribla+ şäherindäki zyndana taşlady, ilatyna bolsa 100 batman* kümüş we bir batman altyn salgyt saldy+. 34 Soňra Neho Ýoşyýanyň ogly Alyýakymy kakasynyň ýerine patyşa belläp, adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Ýehogahazy bolsa Müsüre äkitdi+, ol şol ýerde aradan çykdy+.
-