-
4 Musa 14:13—16Mukaddes Kitap
-
-
13 Emma Musa Ýehowa: «Beýik güýjüň bilen Müsürden çykaran halkyňy gyrsaň, müsürliler näme diýer? Olar muny eşidip+, 14 Kengandaky halklara-da gürrüň bererler. Eý Ýehowa, seniň ysraýyl halkyňy goldap+, olara görnendigiňi*+ şol halklar hem eşitdiler ahyryn. Olar seniň Ýehowadygyňy we halkyň üstüne bir bulut goýup, gündizine bulut, gijesine ot sütüni bilen ýol görkezýäniňi bilýärler+. 15 Eger halkyň baryny birden ýok etseň, şöhratyň barada eşiden halklar: 16 „Ýehowa halkyny wada beren* ýurduna eltip bilmän, çölde gyrypdyr“+ diýmezlermi?
-