-
Işaýa 47:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Bar, jadygöýligiňi et, dogalamagyňy dowam et.
Sen şu zatlary ýaşlykdan bäri edýärsiň+.
Belki, munuň peýdasy deger,
Belki, adamlary gorkuzyp bilersiň.
13 Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa başyň çaşdy.
-
-
Danyýar 2:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Haldeýler patyşa şeýle diýdiler: «Älem-jahanda patyşamyzyň talap edýän zadyny edip biljek adam ýokdur. Hiç bir patyşa ýa-da häkim jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylardan, palçylardan ýa-da haldeý müneçjimlerden* beýle zady talap etmändi. 11 Patyşamyzyň edýän talaby juda agyr. Muny taňrylardan başga hiç kim äşgär edip bilmez, olaryň mekany bolsa başy ölümli ynsanlaryň arasynda däldir».
-
-
Danyýar 5:8Mukaddes Kitap
-
-
8 Patyşanyň çagyran ähli akyldarlary ne ýazgyny okap bildiler, ne-de manysyny düşündirdiler+.
-