-
Ylham 5:9, 10Mukaddes Kitap
-
-
9 Olar täze aýdym aýdýardylar+: «Sen golýazmany alyp, möhürlerini açmaga mynasypsyň. Sebäbi sen her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden adamlaryň Hudaýa gulluk etmekleri üçin janyňy gurban edip+, ganyň bilen satyn aldyň+. 10 Sen olary Hudaýymyz üçin patyşalar+ we ruhanylar+ etdiň. Olar patyşalar we ruhanylar bolup, ýeriň üstünden höküm sürerler»+.
-
-
Ylham 20:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Soňra men tagtlary gördüm, onuň üstünde oturanlara höküm etmäge ygtyýar berildi. Mundan başga-da, men Isa hakda şaýatlyk we Hudaý hakda wagyz edendikleri üçin öldürilenleri* gördüm. Olar wagşy haýwana-da, şekiline-de sežde etmändiler, maňlaýyna hem-de eline belligini almandylar+. Olar direlip, Mesih bilen 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürdüler+.
-