-
Danyýar 2:40—42Mukaddes Kitap
-
-
40 Dördünji patyşalyk demir kimin berk bolar+. Demriň ähli zady ýenjip, kül-uşak edişi ýaly, ol öňki patyşalyklaryň baryny ezip, derbi-dagyn eder+.
41 Siz heýkeliň topugyndan aşagynyň we barmaklarynyň demir bilen toýun garyşyklydygyny gördüňiz. Ol bölünen patyşalygy aňladýar. Demir bilen ýumşak toýnuň garylandygy üçin, onda biraz demriň berkligi bolar. 42 Barmaklaryň demir bilen toýun gatyşykly bolmagy patyşalygyň bir tarapdan güýçli, beýleki tarapdan gowşak boljakdygyny aňladýar.
-