Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 6:10—12
    Mukaddes Kitap
    • 10 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna elter+. Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz+, 11 özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz+. 12 Şonda seresap boluň, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowany unudaýmaň+.

  • 5 Musa 8:12—14
    Mukaddes Kitap
    • 12 Bolelin durmuşa ýeteniňizde*, owadan jaýlar gurup, ýaşap başlanyňyzda+, 13 mal-garaňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, rysgal-döwletiňiz artanda, 14 gopbamsylyk edip+, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowany unutmaň+.

  • 5 Musa 32:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Emma Ýeşurun* semräp, boýnuýogynlyk etdi,

      Eýesini depdi.

      Sen semrediň, mesirgäp, çişip başladyň+.

      Ol Ýaradany, Hudaýy unutdy+,

      Halasgär Arkadagyny äsgermezlik etdi.

  • 5 Musa 32:18
    Mukaddes Kitap
    • 18 Saňa atalyk eden Arkadagy unutdyň+,

      Seni dünýä indiren Hudaýy ýatlamadyň+.

  • Işaýa 17:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Sen halasgär Hudaýyňy unutdyň+,

      Galaňy, Arkadagyňy ýatlamadyň+.

      Gaýtam sen bag-bakjalary ekmek bilen,

      Kesekiniň* nahallaryny oturtmak bilen başagaý bolduň.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş