Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 9:6, 7
    Mukaddes Kitap
    •  6 Sebäbi biziň üçin bir çaga doguldy+,

      Bize bir ogul berildi,

      Hökümdarlyk golunda bolar+.

      Oňa Akyldar maslahatçy+, Güýçli hudaý+,

      Ebedilik ata we Parahatlyk şazadasy diýler.

       7 Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz,

      Hemişe parahatçylyk bolar+.

      Ol Dawudyň tagtynda+, patyşalyk tagtynda oturar.

      Onuň hökümdarlygy berk bolar, sarsmaz+,

      Adalatly+ hem dogruçyl+ höküm sürer,

      Häzirem, gelejekde-de dowam eder.

      Muny Serkerdebaşy Ýehowa höwes* bilen eder.

  • Işaýa 16:5
    Mukaddes Kitap
    •  5 Şonda tagt wepaly söýgi bilen berkidiler.

      Dawudyň çadyrynda tagtda oturan wepaly bolar+.

      Ol dogruçyllyk bilen kazylyk eder, adalaty tiz dikelder»+.

  • Ýermeýa 23:5
    Mukaddes Kitap
    • 5 Şeýle günler geler, men Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Ol ýurtda adalatly, dogruçyl we paýhasly bolup patyşalyk eder+.

  • Hyzkyl 37:24, 25
    Mukaddes Kitap
    • 24 Gulum Dawut olaryň patyşasy bolar+. Olaryň bir çopany bolar+. Olar hökümlerimi berjaý edip, kada-kanunlarym boýunça ýaşarlar+. 25 Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ata-babalarynyň ýurdunda ebedi ýaşarlar+, olaryň özleri, çagalary we agtyklary+ şol ýurtda ýaşar+. Gulum Dawut olara ebedilik baştutan bolar+.

  • Zekerýa 12:8
    Mukaddes Kitap
    • 8 Şol gün Ýehowa Iýerusalim ilatyny galkan kimin gorar+. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly güýçli bolar. Dawut öýi olara Hudaý ýaly, Ýehowanyň perişdesi ýaly ýol görkezer+.

  • Luka 1:31—33
    Mukaddes Kitap
    • 31 Sen göwreli bolup, ogul dograrsyň+, adyna Isa dakarsyň+. 32 Ol beýik bolar+, oňa Allatagalanyň Ogly diýerler+. Ýehowa* Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer+. 33 Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşa bolar, Patyşalygynyň soňy bolmaz»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş