Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 21:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Duma* çykarylan höküm:

      Segirden+ biri:

      «Garawul, haçan daň atar?

      Garawul, haçan daň atar?» diýip sorady.

  • Hyzkyl 25:12—14
    Mukaddes Kitap
    • 12 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Edom Ýahudadan öç alyp, olara jeza berdi. Ol Ýahudadan ar alyp, uly günä gazandy+. 13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen Edomyň halkyny we mal-garasyny gyryp taşlaryn. Ol ýerde janly-jemende galmaz+. Teýmandan Dedana çenli ähli adamlar gylyçdan geçiriler+. 14 Ysraýyl halkymyň goly bilen arymy alaryn+. Olar arkaly Edomyň başyndan gahar-gazabymy indererin. Şonda edomlylar meniň nädip ar alýandygymy görerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“.

  • Ýowel 3:19
    Mukaddes Kitap
    • 19 Emma Müsür harabaçylyga döner+,

      Edom çöllüge öwrüler+,

      Sebäbi olar ýahuda halkyna zalymlyk etdiler+,

      Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+.

  • Amos 1:11, 12
    Mukaddes Kitap
    • 11 Ýehowa şeýle diýýär:

      „Edom+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,

      Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.

      Sebäbi ol gylyç bilen doganynyň yzyndan kowdy+.

      Rehim⁠-⁠şepagat etmedi,

      Zalymlyk bilen bölek⁠-⁠bölek etdi.

      Gahar⁠-⁠gazaby sowaşmady+.

      12 Men Teýmana+ ot ýagdyraryn.

      Ot Bosranyň+ berk diňlerini kül⁠-⁠peýekun eder“.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş