-
2 Musa 34:6, 7Mukaddes Kitap
-
-
6 Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+, 7 müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi.
-
-
Ýermeýa 50:20Mukaddes Kitap
-
-
20 Şol döwürde, şol günlerde,
Ysraýylyň ýazygyny agtararlar,
Ýöne tapmazlar.
Ýahudadan hem ýazyk tapmazlar.
Sebäbi diri galdyran adamlarymy bagyşlaryn»+.
Muny Ýehowa aýdýar.
-