-
5 Musa 28:49—51Mukaddes Kitap
-
-
49 Ýehowa uzakdan, ýeriň aňry ujundan diline düşünip bolmaýan bir halky+ üstüňize iberer+. Olar awuna okdurylan bürgüt ýaly hüjüm ederler+. 50 Olar garryny sylamaýan, çaga rehim etmeýän zalym halkdyr+. 51 Baryňyz gyrlyp gutarýançaňyz owlak-guzyňyzy we hasylyňyzy iýerler. Sizi bütinleý ýok edýänçäler, galladan, täze şerapdan, ýagdan, owlak-guzulardan hiç zat galdyrmazlar+.
-
-
Ýermeýa 5:15—17Mukaddes Kitap
-
-
15 Ysraýyl halky! Siziň üstüňize uzak ýurtdan bir halk çozduraryn+ — muny Ýehowa aýdýar.
Ol millet owaldan bardyr,
16 Olaryň ok gaplary açyk mazar kimindir,
Ählisi batyr esgerlerdir.
17 Olar hasylyňy, çöregiňi+,
Ogul-gyzlaryňy,
Goýun-geçileriňi, mal-garalaryňy,
Üzüm, injir agaçlaryňy ýalmap ýuwudarlar.
Seniň bil baglaýan galalaryň ýer bilen ýegsan ediler».
-
-
Hyzkyl 23:22, 23Mukaddes Kitap
-
-
22 Oholyba, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen oýnaşlaryňy ýigrenip, kowup goýberdiň. Indi olary küşgürerin+ we çar tarapdan üstüňe çozduraryn+. 23 Wawilonlylaryň+, haldeýleriň+, pekotlylaryň+, şowalylaryň, kowalylaryň ählisi assiriýalylar bilen birleşip, seniň üstüňe hüjüm ederler. Olar häkimler, baştutanlar, pälwanlar, batyr esgerler we at münýän gerçek ýigitlerdir.
-