16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen piliştlilere jeza bererin+, keretleri gyryp taşlaryn+. Deňiz kenarynda ýaşaýan galanja halky-da ýok ederin+. 17 Men olara gahar-gazap bilen jeza berip, öç alaryn. Olardan ar alanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler“».