-
Luka 12:22—28Mukaddes Kitap
-
-
22 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Size diýýärin, mundan beýläk näme iýeris diýip janyňyzy alada etmäň, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň+. 23 Adamyň jany* iýmitden, bedeni egin-eşikden has gymmatlydyr. 24 Gargalara serediň: olar ne ekýärler, ne-de ammara iýmit ýygnaýarlar. Emma şonda-da Hudaý olary iýmitlendirýär+. Siz guşlardan has gymmatly dälmi?+ 25 Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz* uzaldyp bilýäňiz? 26 Eger siz ýönekeýje zady başarmaýan bolsaňyz, onda başga zatlaryň aladasyny etmegiň näme peýdasy bar?+ 27 Çigildemleriň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler. Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir+. 28 Eý imany azlar, eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da gowy geýindirmezmi?
-