Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Luka 7:1—9
    Mukaddes Kitap
    • 7 Isa halka ähli zady aýdyp bolansoň, Kapernawuma bardy. 2 Ol ýerde ýüzbaşynyň gowy görýän guly keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. 3 Ýüzbaşy Isa hakda eşidende, onuň ýanyna ýehudy ýaşulularyny iberip, guluny sagaltmagy haýyş etdi. 4 Olar Isanyň ýanyna gelip ýalbardylar: «Oňa kömek et, ol gowy adam. 5 Ol halkymyzy gowy görýär, bize sinagoga⁠-⁠da gurup berdi». 6 Isa olar bilen gitdi. Ýüzbaşynyň öýüne golaýlanlarynda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, şeýle diýmegi tabşyrdy: «Agam, alada etme! Öýüme geler ýaly, men mynasyp adam däl+. 7 Özümi mynasyp görmämsoň ýanyňa barmadym. Ýekeje söz aýtsaň ýetik, hyzmatkärim sagalar. 8 Sebäbi menem birine tabyn bolýaryn, maňa⁠-⁠da tabyn bolýan esgerler bar. Olaryň birine: „Git!“ diýsem, gidýär. Başga birine: „Gel!“ diýsem, gelýär. Guluma: „Şuny et!“ diýsem, edýär». 9 Isa onuň sözlerine haýran galyp, yzyna düşüp gelýän märekä: «Size diýýärin, şeýle imanly adamy Ysraýylda heniz görmedim»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş