-
Markus 1:29—34Mukaddes Kitap
-
-
29 Olar sinagogadan çykyp, Simun bilen dogany Andreasyň öýüne gitdiler. Ýakup bilen Ýahýa hem olaryň ýanyndady+. 30 Simunyň gaýynenesiniň+ gyzgyny galyp ýatyrdy. Olar muny Isa aýtdylar. 31 Isa onuň ýanyna bardy we elinden tutup, ýerinden turuzdy. Şonda aýalyň gyzgyny gaýtdy we myhmanlara hyzmat edip başlady.
32 Gün batyp, agşam düşende, Isanyň ýanyna syrkaw we jynly adamlary getirdiler+. 33 Şäheriň ilaty gapynyň agzyna üýşdi. 34 Isa dürli keselli adamlary sagaldyp+, ençeme jynlary kowup çykardy. Isa jynlara geplemäge rugsat bermeýärdi, sebäbi olar onuň Mesihdigini* bilýärdi.
-
-
Luka 4:38—41Mukaddes Kitap
-
-
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne geldi. Simunyň gaýynenesiniň güýçli gyzgyny galyp ýatyrdy. Şonda Isadan kömek etmegi haýyş etdiler+. 39 Isa syrkawyň ýanyna baryp, gyzgynyny aýyrdy. Ol şol bada sagalyp ýerinden turdy-da, myhmanlara hyzmat edip başlady.
40 Gün ýaşanda, halk Isanyň ýanyna dürli keselli adamlary getirdi. Isa olaryň hersiniň üstüne elini goýup sagaldýardy+. 41 Adamlaryň içinden çykýan jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. Isa bolsa käýäp, olara geplemäge rugsat bermeýärdi+, sebäbi olar Isanyň Mesihdigini bilýärdi+.
-