-
Markus 2:18—20Mukaddes Kitap
-
-
18 Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Bir gün olar Isanyň ýanyna gelip: «Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekleýär. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýip soradylar. 19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanlarynda bolsa, dostlary agyz beklärmi? Elbetde, beklemezler. 20 Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+. Şonda olar agyz beklärler.
-
-
Luka 5:33—35Mukaddes Kitap
-
-
33 Adamlar Isa: «Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri häli-şindi agyz bekleýärler, Hudaýa ýalbaryp doga edýärler. Seniň şägirtleriň bolsa iýip-içip ýörler» diýdiler+. 34 Isa: «Öýlenýän ýigit ýanlarynda bolsa, dostlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35 Emma öýlenýän ýigit+ dostlaryndan aýra düşer. Şonda olar agyz beklärler»+ diýdi.
-