-
Markus 5:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Isanyň ýanyna Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol sinagoga ýolbaşçylarynyň biridi. Ýaýrus Isany görüp, onuň aýagyna ýykyldy+. 23 Ol Isa: «Gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Ol ölmez ýaly, öýüme baryp, gyzymy sagaldaý*»+ diýip, köp ýalbardy. 24 Isa hem Ýaýrus bilen gitdi. Uly märeke bolsa yzyna düşüp, Isany dumly-duşdan gysyp barýardy.
-
-
Luka 8:41, 42Mukaddes Kitap
-
-
41 Şonda Ýaýrus atly sinagoga ýolbaşçysy Isanyň ýanyna gelip, aýagyna ýykyldy-da, öýüne barmagy haýyş etdi+. 42 Sebäbi onuň 12 ýaşly ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy.
Isa gidip barýarka, märeke ony dumly-duşdan gysýardy.
-