-
Markus 3:16—19Mukaddes Kitap
-
-
16 Ine 12 resulyň ady+: Simun (Isa oňa Petrus hem diýýärdi)+, 17 Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa (Isa olara Benireges hem diýýärdi, ýagny «gök gürrüldisiniň ogullary»+ diýmegi aňladýar), 18 Andreas, Filipus, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun Kananit* 19 we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot.
Isa bir öýe bardy.
-
-
Luka 6:13—16Mukaddes Kitap
-
-
13 Daň atanda, ol şägirtlerini ýanyna çagyryp, 12-sini saýlady. Şol şägirtlerine «resullar» diýip at goýdy+. 14 Ine olaryň ady: Simun, Isa oňa Petrus hem diýýärdi; Petrusyň dogany Andreas we Ýakup, Ýahýa, Filipus+, Bartolomeý, 15 Matta, Tomas+, Alfeýiň ogly Ýakup, yhlasly diýilýän Simun, 16 Ýakubyň ogly Ýahuda hem-de Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot.
-