Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 17:9, 10
    Mukaddes Kitap
    • 9 «Tur⁠-⁠da, Sidonyň Sarepta şäherine git. Bir dul aýala saňa nahar bermegi tabşyraryn»+. 10 Ylýas turup, Sarepta gitdi. Ol şäheriň derwezesinden giren badyna, odun çöpläp ýören dul aýaly gördi. Ylýas: «Bir käse suw beräý»+ diýdi.

  • 1 Patyşalar 17:20—23
    Mukaddes Kitap
    • 20 Ylýas Ýehowa: «Eý Ýehowa Hudaýym+, meni myhman alan dul aýalyň başyna ne günleri saldyň? Oglunyň ölmegine näme üçin ýol berdiň?» diýdi. 21 Soňra ol çagany üç gezek bagryna basdy⁠-⁠da*, Ýehowa ýüzlenip: «Eý Ýehowa Hudaýym, ýalbarýaryn, çaganyň demini gaýtaryp ber» diýdi. 22 Ýehowa Ylýasyň dilegini eşidip+, çaganyň demini gaýtaryp berdi, oglanjyk direldi+. 23 Ylýas çagany alyp, ýokarky otagdan düşdi⁠-⁠de, ejesine berip: «Seret, ogluň direldi!»+ diýdi.

  • 2 Patyşalar 4:8
    Mukaddes Kitap
    • 8 Günlerde bir gün Alyşa Şuneme+ gitdi. Şunemde ýaşaýan bir abraýly aýal Alyşany nahara çagyrdy+. Alyşa soň⁠-⁠soňlaram ýol ugruna olaryň öýüne myhmançylyga barardy.

  • 2 Patyşalar 4:13—17
    Mukaddes Kitap
    • 13 Alyşa pygamber Geýhaza: «Bar⁠-⁠da, aýala şeýle diý: „Sen bize kän ýagşylyk etdiň+, eden ýagşylygyňy nädip gaýtaraly?+ Seniň üçin patyşa+ ýa goşunbaşy bilen gepleşip bereýinmi?“» diýdi. Aýal: «Ýok, men halkymyň arasynda sag⁠-⁠aman ýaşap ýörün» diýdi. 14 Şonda Alyşa: «Aýalyň ýagşylygyny nädip gaýtarsa bolarka?» diýdi. Geýhaz: «Onuň çagasy* ýok+, äri hem garry» diýdi. 15 Alyşa şol bada: «Hany, aýaly bärik çagyr» diýdi. Hyzmatkär ony çagyrdy. Aýal gelip, gapynyň agzynda duranda, 16 Alyşa oňa: «Indiki ýyl şu wagtlar gujagyňda ogul bäbegiň bolar»+ diýdi. Aýal bolsa: «Agam, sen hak Hudaýyň guly ahyryn, gyrnagyňa boş umyt berme» diýdi.

      17 Alyşanyň aýdyşy ýaly, aýal göwreli bolup, indiki ýylyň şol wagtlary ogul dogurdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş