3 Isa oňa elini degirdi-de: «Elbetde, isleýärin!» diýdi+. Ol adam şol bada heýwere keselinden sagaldy+. 4 Isa oňa: «Muny hiç kime aýdaýma+, ýöne baryp ruhana görün+. Musanyň tabşyryşy ýaly, gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün» diýdi.
11 Hatda zalym ruhlar+ hem Isany görende, aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. 12 Ýöne Isa özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi gaýta-gaýta tabşyrdy+.
35 Şonda adamyň gulagy açyldy+, sakawlaman gepläp başlady. 36 Isa muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy+. Emma olara näçe tabşyrsa-da, şonça-da ol hakda köp gürrüň edýärdiler+.