-
Markus 7:25—30Mukaddes Kitap
-
-
25 Şol ýerde gyzjagazy jynly bir aýal bardy. Ol Isa hakda eşiden badyna gelip, aýagyna ýykyldy+. 26 Ol aýal grekdi, Siriýanyň çäginde ýerleşýän Finikiýada ýaşaýardy. Ol Isadan gyzyndaky jyny çykarmagy gaýta-gaýta haýyş etdi. 27 Isa oňa: «Ilki çagalar iýip doýmaly. Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!»+ diýdi. 28 Aýal bolsa: «Agam, dogry aýdýaň! Ýöne güjükler hem çagalaryň agzyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn» diýdi. 29 Isa oňa: «Şeýle diýeniň üçin sag-aman öýüňe gaýt, jyn gyzyňdan çykdy»+ diýdi. 30 Aýal öýüne gaýtdy. Baryp görse, gyzy düşekde ýatyr, jyn bolsa içinden çykypdyr+.
-