-
Markus 10:2—12Mukaddes Kitap
-
-
2 Fariseýler bolsa Isany synamak üçin: «Erkek adama aýaly bilen aýrylyşmaga rugsat berilýärmi?»+ diýip soradylar. 3 Isa: «Musa pygamber size nähili tabşyryk berdi?» diýip sorady. 4 Olar: «Musa aýala talak hatyny berip, aýrylyşmaga rugsat berýär»+ diýdiler. 5 Isa olara: «Siziň doňýürek bolanyňyz üçin, Musa şeýle tabşyryk berdi+. 6 Emma Alla ilkibaşda ynsany „erkek we aýal edip ýaratdy+. 7 Şol sebäpli erkek adam ene-atasyny goýup+, 8 aýaly bilen bir beden bolar“+. Indi olar iki däl, bir bedendir. 9 Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny* ynsan aýyrmasyn»+ diýdi. 10 Olar öýe giren badyna, şägirtleri Isa sorag berip başladylar. 11 Isa: «Biri aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, aýalyna garşy zyna edýändir+. 12 Eger aýal hem äri bilen aýrylyşyp, başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir»+ diýdi.
-