6 Ýagşy işleri göz üçin etmäň+, ýogsam gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. 2 Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly sinagogalarda we köçelerde jar çekmäň. Ikiýüzli adamlar alkyş almak üçin şeýle edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar.