-
2 Taryh 24:20—22Mukaddes Kitap
-
-
20 Soňra Ýehoýada+ ruhanynyň ogly Zekerýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol halkyň öňüne çykyp: «Hak Hudaý şeýle diýýär: „Siz näme üçin Ýehowanyň tabşyryklaryny bozýaňyz? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, ol hem sizden ýüz öwrer“»+ diýdi. 21 Emma olar dil düwşüp+, patyşanyň buýrugy bilen, Zekerýany Ýehowanyň öýüniň howlusynda daşlap öldürdiler+. 22 Şeýdip, Ýehoýaş patyşa Zekerýanyň kakasy Ýehoýadanyň eden ýagşylyklaryny* unudyp, ogluny öldürdi. Zekerýa soňky deminde: «Eden etmişiň üçin Ýehowa jezaňy bersin»+ diýdi.
-