13Isa ybadathanadan çykyp gelýärkä, şägirtleriniň biri: «Mugallym, daşlaryň we binalaryň owadanlygyna seret!»+ diýdi. 2 Isa bolsa: «Siz binalaryň beýikligine haýran galýaňyzmy? Şu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.
5 Adamlaryň käbiri ybadathananyň owadan daşlar we Hudaýa bagyş edilen zatlar bilen bezelendigi hakda gürrüň edenlerinde+, 6 Isa: «Şeýle bir günler geler, şu görýän zatlaryňyzdan hiç zat galmaz, daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.