-
Markus 14:12—16Mukaddes Kitap
-
-
12 Petir baýramynyň+ birinji güni adat boýunça Pasha gurbanlygy+ berilýärdi. Şonda şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pasha naharyny nirede taýýarlaly?»+ diýdiler. 13 Ol iki şägirdini ýollap: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Onuň yzyna düşüň+. 14 Ol haýsy öýe girse, öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 15 Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň» diýdi. 16 Şägirtler şähere girende, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy, olar hem Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler.
-
-
Luka 22:7—13Mukaddes Kitap
-
-
7 Petir baýramy güni gelip ýetdi. Şol gün Pasha gurbanlygy berilýärdi+. 8 Isa Petrus bilen Ýahýany iberip: «Baryň, Pasha naharyny taýýarlaň»+ diýdi. 9 Olar: «Nirede taýýarlaly?» diýdiler. 10 Isa şeýle diýdi: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Ol haýsy öýe girse, siz hem şol öýe baryň+. 11 Soňra öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 12 Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň». 13 Olar şähere baranda, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy. Şeýlelikde, olar Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler.
-