-
Markus 14:55—59Mukaddes Kitap
-
-
55 Uly ruhanylar we Mejlisiň* ähli agzalary Isa ölüm jezasyny bermek üçin, ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler, ýöne tapmadylar+. 56 Ýalan şaýatlyk etmäge köp adam gelse-de+, olaryň sözleri biri-birine gabat gelmeýärdi. 57 Olaryň käbiri ýerinden turup, Isa garşy ýalan şaýatlyk edip: 58 «Biz onuň: „Men adam elleri bilen gurlan ybadathanany ýumrup, üç günden adam elleri bilen gurulmadyk başga ybadathana guraryn“ diýenini eşitdik»+ diýdiler. 59 Emma olaryň hem aýdýanlary deň gelmeýärdi.
-