-
Markus 14:60—65Mukaddes Kitap
-
-
60 Olaryň arasynda oturan baş ruhany ýerinden turup, Isa: «Seniň aýtjak zadyň ýokmy? Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?»+ diýdi. 61 Ýöne Isa dymyp, hiç zat jogap bermedi+. Baş ruhany ýene-de: «Sen Mukaddes Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip sorady. 62 Isa: «Hawa, men şol. Ynsan oglunyň+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny+ we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz»+ diýdi. 63 Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Başga şaýat nämä gerek?+ 64 Hudaýa dil ýetirýändigini eşidip otyrsyňyz. Siz näme pikir edýäňiz?» diýdi. Olaryň ählisi Isany günäkärläp, öldürmek islediler+. 65 Käbiri oňa tüýkürdi+, onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber bolsaň, aýt hany? Seni kim urdy?» diýip, ýumruklap urdular. Soňra köşk hyzmatkärleri onuň ýüzüne şarpyk çalyp, alyp gitdiler+.
-