Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 4:1—10
    Mukaddes Kitap
    • 4 Soňra Hudaýyň ruhy Isany çöle alyp gitdi, şonda Iblis ony synap başlady+. 2 Isa 40 gije-gündiz agyz bekläp ajykdy. 3 Synagçy+ onuň ýanyna gelip: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlary çörege öwür» diýdi. 4 Isa şeýle diýdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň* agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgy»+.

      5 Iblis ony mukaddes şähere+ getirdi-de, ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp+, şeýle diýdi: 6 «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň, sebäbi: „Ol perişdelerine buýruk berer“ we „Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“+ diýip ýazylgy». 7 Isa oňa: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip hem ýazylgy»+ diýdi.

      8 Iblis Isany bir beýik daga çykaryp, dünýäniň ähli patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezdi+. 9 Iblis: «Eger dyza çöküp, maňa sežde etseň, ähli zady saňa bererin» diýdi. 10 Şonda Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli+, diňe oňa gulluk* etmeli“+ diýip ýazylgy» diýdi.

  • Luka 4:1—13
    Mukaddes Kitap
    • 4 Isa mukaddes ruhdan dolup, Iordan derýasyndan gaýdyp geldi, soňra ruhuň täsiri bilen çöle gitdi+. 2 Isa 40 gün çölde boldy, şonda Iblis ony synamaga geldi+. Isa hiç zat iýip içmänsoň ajykdy. 3 Iblis: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, daşy çörege öwür» diýdi. 4 Emma Isa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen ýaşamaly däldir“ diýip ýazylgy»+.

      5 Iblis Isany bir daga çykaryp, göz açyp⁠-⁠ýumasy salymda ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary görkezdi+. 6 Iblis: «Men ähli patyşalyklary we olaryň şan⁠-⁠şöhratyny saňa bererin, sebäbi olar maňa berildi. Men olary kime bermek islesem, şoňa⁠-⁠da berýärin+. 7 Eger maňa sežde etseň, ählisi seniňki bolar» diýdi. 8 Isa şeýle jogap berdi: «„Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk* etmeli“ diýip ýazylgy»+.

      9 Iblis Isany Iýerusalime alyp gitdi we ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp, şeýle diýdi: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň+. 10 Sebäbi: „Ol perişdelerine seni halas etmegi buýrar. 11 Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“ diýip ýazylgy»+. 12 Isa şeýle jogap berdi: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip ýazylgy»+. 13 Iblis Isany synandan soňra ýanyndan gidip, amatly pursada garaşdy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş