31 Isa ýene bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalyk gorçisa dänesi ýalydyr. Daýhan dänäni mellegine ekýär+. 32 Ol iň kiçi tohum bolsa-da, ösüp, uly agaç bolýar, guşlar hem gelip, şahalarynda höwürtge ýasaýar».
18 Isa sözüni dowam edip: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzetse bolar? Ony näme bilen deňeşdireýin? 19 Ol bir adamyň bagynda eken gorçisa dänesi ýalydyr. Ol ösüp uly agaç bolýar, şahalarynda guşlar höwürtge ýasaýar»+ diýdi.