-
Luka 8:45—48Mukaddes Kitap
-
-
45 Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýdi. Hiç kim boýun almansoň, Petrus: «Mugallym, daşyň adamdan doly, seni gysyp barýar» diýdi+. 46 Isa bolsa: «Biri maňa elini degirdi, sebäbi özümden güýjüň çykanyny duýdum»+ diýdi. 47 Aýal Isanyň bilendigine düşünip, gorkudan ýaňa titräp, öňünde dyza çökdi. Ol hemmeleriň öňünde näme üçin oňa elini degrendigini we dessine sagalandygyny gürrüň berdi. 48 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag-aman gaýt»+ diýdi.
-