Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 14:1—5
    Mukaddes Kitap
    • 14 Şol wagtlar Jelile welaýatynyň häkimi* Hirodesdi. Ol hem Isa hakda eşitdi+. 2 Hirodes hyzmatkärlerine: «Ol suwa çümdürýän Ýahýa bolmaly. Ýahýa direlipdir, şonuň üçin şeýle gudratlar edip bilýär»+ diýdi. 3 Hirodes* aýaly Hirodiýa sebäpli Ýahýany tussag edipdi we zynjyra baglap, türmä basypdy. Hirodiýa öň Hirodesiň dogany Filipusyň aýalydy+. 4 Ýahýa Hirodese: «Sen Hirodiýa öýlenip, kanuny bozýarsyň»+ diýerdi. 5 Hirodes ony öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan çekinýärdi, sebäbi Ýahýany pygamber hasaplaýardylar+.

  • Luka 9:7—9
    Mukaddes Kitap
    • 7 Welaýat häkimi* Hirodes* hem bolýan zatlary eşidip, örän aljyrady, sebäbi adamlaryň käbiri Ýahýa direlipdir diýýärdiler+. 8 Käbirleri Ylýas pygamber gelipdir, başgalar bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýişýärdiler+. 9 Hirodes: «Men Ýahýanyň kellesini kesdim+. Onda halk kimiň gürrüňini edýärkä?» diýip, Isany görmek isleýärdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş