-
1 Patyşalar 22:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Mikhaý şeýle jogap berdi: «Men ysraýyllaryň daglarda çopansyz goýunlar ýaly, dyr-pytrak bolup ýörenini gördüm+. Ýehowa hem: „Indi halkyň baştutany ýok. Goý, olar sag-aman öýli-öýüne gaýtsyn“ diýdi».
-
-
Hyzkyl 34:5Mukaddes Kitap
-
-
5 Olaryň çopany bolmansoň dargadylar+, çar tarapa pytrap, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular.
-
-
Hyzkyl 34:8Mukaddes Kitap
-
-
8 „Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Çopansyz goýunlarym talanyp, ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Çopanlarym goýunlarymy agtarmadylar. Olar gara garnynyň aladasyny edip, sürimi bakmadylar“.
-